Türkmenistanyň maýyplar ýygyndy toparynyň Abu-Dabi 2019

Türkmenistanyň Ýörite Olimpiada Milli Merkeziniň delegasiýasynyň           2019-njy ýylyň mart aýynyň 8-22 aralygynda, Birleşen Arap EmirliklerindeAbu-Dabi şäherinde geçirilen Ýörite Olimpiada Bütindünýä Oýunlary2019 gatnaşanlygy barada gysgaça hasabat

 

Türkmenistanyň Ýörite Olimpiýada Milli merkeziniň (TÝOMM) sport we sagaldyş senenama meýilnamasy her ýyl Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komiteti bilen ylalaşylýar. TÝOMM-nyň 2019-njy ýyl köpçülikleýin sport çäreleriniň senenama meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň maýyplar ýygyndy topary 2019-nji ýylyň 8-22 mart aralygynda Ýötite Olimpiadanyň Birleşen Arap Emirliklerinde Abu Dabi şäherinde geçirilen Ýörite Olimpiada Bütindünýä Oýunlary Abu-Dabi2019 üstünlikli gatnaşdylar.

Bütndünýä Ýörite Olimpiada Oýunlary 4-ýylda bir gezek geçirilýär. 2015-nji ýylda Bütindünýä Ýörite Oýnulary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Los-Anjeles şäherinde geçirildi. Bu gezek Bütindünýä Ýörite Oýunlary Abu-Dabi2019 Birleşen Arap Emirliklerinde Abu-Dabi şäherinde geçdi. Bütindünýä Oýunlary Abu-Dabi2019 jemi tomusky 24 sport görnüşlerinden geçirilip, 190 ýurtlaryndan gelen 7.500-türgen, 4.000 tälimçi we 20.000 meýletinçiler we hormatly myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň maýyplar ýygyndy topary umumy 22 adam: 6-tälimçi,15-türgen we 1 topar ýolbaşçysy (sport görnüşleriniň ýeňil atletika -2 türgen we 1 tälimçi, suwda ýüzmek -2türgen we 1 tälimçi, Tennis – 4 türgen we 1 tälimçi, stol üstünde oýnalýan tennis -2 türgen we 1 tälimçi, Badminton-2 türgen we 1 tälimçi, Çeper gimnastika -2 türgen we 1 tälimçi, dzýudo-1 türgen) gatnaşdylar.

TÝOMM-nyň ýygyndy toparynyň umumy gazanan baýrakly orunlary:

3-gyzyl medallary: Çeper gimnastika Semenderowa Enebaý, Myratnazarowa Mähri (Mary wel) we tennis jübüt Gummaýew Maksat, Allakulyýewa Gulnara, (Lebap wel)

2-kümüş medallar: Çeper gimnastika-Semenderowa Enebay we Badminton- Amandurdyýew Umyt (Aşgabat ş)

2-bürünç medallar: Çeper gimnastika-Semenderow Enebaý we tennis- Omarow Roman.

 

Indiki Ýörite Olimpada Bütindünýä Oýunlary 2023-nji ýylda Berlinde geçiriler

Posted in Без рубрики.